
"Motor" žurnaly Mercedes-Maybach S-Class modelindäki 10 sany esasy täzeligi mälim etdi. Mercedes-Benz kompaniýasy düýpli döwrebaplaşdyrylan Mercedes-Maybach S-Class modelini hödürledi. Bu gezek adaty restailingiň deregine, modeliň taryhyndaky iň uly göwrümli modernizasiýa amala aşyryldy.
"Motor" žurnalynyň fotoreportažynda täze awtoulagyň öňki nesillerinden näme bilen tapawutlanýandygy barada gürrüň berilýär. Üýtgeşmeler örän köp: täze MB.OS operasion ulgamyndan başlap, tigirlerdäki "paryzlap duran" ýyldyza we Maybach taryhynda ilkinji gezek hödürlenýän derisiz (mata) salona çenli köp sanly täzelikler bar.
Keywords