
Türkiýäniň ilkinji "TULGA 4x4" patrullyk bronoawtoulagyny resmi taýdan ulanmaga berildi.
"Report" agentliginiň "TRT Haber" telekanalyna salgylanyp berýän habaryna görä, bu awtoulag harby gullukçylar we howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri üçin niýetlenip işlenip düzüldi. Ol özüniň brono gurluşy, ballistik gorag derejesi we döwrebap tehnologik enjamlary arkaly ýokary derejeli goragy üpjün edýär.
Agramy takmynan 8 tonna barabar bolan ulag 5 adama niýetlenendir we 250 at güýjüne eýe bolan dwigatel bilen enjamlaşdyrylandyr. "TULGA 4x4" awtoulagynyň iň ýokary tizligi sagatda 130 kilometre ýetýär.
Keywords