
Tehnologiýa dünýäsiniň öňdebaryjysy «Xiaomi» awtomobil bazaryndaky ornuny berkitmegini dowam edýär. Kompaniýanyň täze hödürlän SU7 modeliniň esasy aýratynlygy onuň kämilleşdirilen platformasydyr. «Standard» we «Pro» görnüşleri 752 woltlyk arhitekturany ulanýan bolsa, iň ýokary «Max» görnüşi 897 woltlyk ulgam bilen üpjün edildi. Bu tehnologiýa ulagyň zarýad alyş tizligini täze derejä çykardy: «Max» wersiýasy bary-ýogy 15 minutda 670 km ýol geçmek üçin ýeterlik energiýa toplap bilýär.
Ulagyň ähli görnüşlerinde ýol ätiýajy artdyryldy we dwigatelleriniň kuwwaty ýokarlandyryldy. Bir motorly görnüşler 320 at güýjüne, iki motorly «Max» görnüşi bolsa 690 at güýjüne eýe boldy. Bu täzelikler Xiaomi-niň diňe bir smartfon däl, eýsem ýokary tehnologiýaly elektromobiller bazarynda hem güýçli bäsdeşdigini subut edýär.
Keywords