
Tehnologiýa dünýäsiniň iň täsirli şahsyýetlerinden biri bolan Ilon Mask Tesla kompaniýasynyň geljekki meýilnamalary baradaky gürrüňleri ýene-de gyzyşdyrdy. Muşdaklarynyň biriniň Tesla-dan doly göwrümli miniwen çykarmak baradaky haýyşyna Mask garaşylmadyk jogap berdi. Ol: «Tiz wagtda miniwenden has täsirli zat peýda bolar» diýip, täze bir gizlin taslamanyň barlandygyny mälim etdi.
Häzirki wagtda bu täze model barada anyk maglumat ýok, emma hünärmenler munuň täze nesil krossover ýa-da has giň göwrümli maşgala ulagy bolup biljekdigini çykarym edýärler. Şeýle hem, aprel aýynda SpaceX tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze Tesla Roadster modeliniň tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Maskyň bu gezekki «has täsirli» diýen jümlesi awtoulag dünýäsinde uly gyзыklanma döretdi.
Keywords