
2026-njy ýylyň 23-31-nji marty aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Tianjin şäherinde uşu sportunyň muşdaklary üçin taryhy pursatlar başdan geçirildi. Dünýäniň 78 döwletinden 1180-den gowrak iň güýçli türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary örän şowly çykyş etdi.
Türkmen türgenleri bu abraýly ýaryşda özleriniň ýokary taýýarlygyny we durnuklylygyny görkezip, umumylykda 3 sany kümüş we 4 sany bürünç medalyny gazanmagy başardylar. Bu netije türkmen uşu mekdebiniň halkara derejesinde barha kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýaryşyň iň şatlykly habarlarynyň biri hem welaýatymyzdan gelip gowuşdy. Lebap welaýatynyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň 63-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Süleýmanowa Aýlar uşu sportunyň 60 kg agram derejesinde çykyş edip, dünýäniň iň güýçli gyz pälwanlary bilen deň-derejede söweşdi.
Ýaş türgenimiz finala çenli ähli garşydaşlaryny yzda galdyryp, netijede II orny eýeledi we Dünýä çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Bu üstünlik diňe bir mekdebiň däl, eýsem tutuş welaýatymyzyň sport taryhynda uly orun alar.
Türgenimiziň bu belent sepgide ýetmeginde tejribeli tälimçi Ruslan Çöliýewiň hyzmaty uludyr. Onuň ýolbaşçylygynda geçirilen yzygiderli türgenleşikler we dogry taktikalar dünýä arenasynda öz miwesini berdi. Tälimçiniň aýtmagyna görä, bu ýaş türgenimiziň entek uly ýeňişleriniň başlangyjydyr.
«Amul Info» redaksiýasy ýaş gyz pälwanymyzy, onuň maşgalasyny we tälimçisini bu taryhy ýeňiş bilen tüýs ýürekden gutlaýar!
Keywords