
Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebinde tennis boýunça «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XV sport ýaryşlarynyň jemleýji tapgyry boldy. 2026-njy ýylyň 28-30-njy mart aralygynda dowam eden bu bäsleşikde welaýatymyzyň iň ussat ýaş tennisçileri özara güýç synanyşdylar.
Ýaryşa Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebinden, Magdanly we Farap etraplaryndan türgenler gatnaşdy. Çekeleşikli geçen oýunlaryň netijesinde baýrakly orunlara aşakdaky türgenler mynasyp boldy:
Sport çäresi Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebi tarapyndan ýokary derejede guraldy. Ýaryşyň baş emini hökmünde F.K. Haýberdiýew, ýolbaşçy hökmünde bolsa A. Allakulyýew çykyş etdi. Ýaryşyň jemleri Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýolbaşçylygy tarapyndan tassyklanyldy.
Material Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň resmi maglumatlary esasynda «Amul Info» tarapyndan taýýarlandy.
Keywords