Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbi tutuldy

Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň çäklerinde taryhy waka boldy — Türkmenabatdaky S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň esasynda ýyllyk 350 müň tonna süperfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfat dökünleriniň önümçiligini amala aşyrjak täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy.

Oct 16, 2025 - 17:08
Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbi tutuldy

Bu döwlet maksatnamasy zawodda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriniň ikinji tapgyrynyň başlanandygyny görkezýär. Birinji tapgyry bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilipdi.

Ýerli çig mal binýadyny döretmek, zawodlary hem-de önümçilik desgalaryny gurmak ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply dökünleriň giň gerimde öndürilmegine, azyk üpjünçiligine uly goşant goşýar. Şeýle-de bu işler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Himiýa senagaty bu ugurda möhüm orun eýeleýär.

Pudagyň çalt depginler bilen ösmegi örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Çig mallaryň gaýtadan işlenişi we baýlaşdyrylyşy artýar. Esasy maksatlaryň biri ýokary hilli önümleri öndürmek we täze görnüşler döretmekdir.

Häzirki wagtda zawod ýyllyk:

  • 170 müň tonna süperfosfat,

  • 200 müň tonna kislorod,

  • ösümlikleriň ösmegine kömek edýän oksigumat serişdesini öndürýär.

Geljekde süperfosfatyň önümçiligi tehnologiýalary kämilleşdirip, has hem köpeldiler. Şeýle-de ammoniý sulfatynyň täze önümçiligi ýola goýlar, bu daýhanlar üçin peýdalydyr.

Zawodyň müdiri Ramazan Halbaýewiň aýtmagyna görä, hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen täze toplumyň gurluşygy ýurdumyzyň ykdysady güýjüne uly goşant goşar.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli ünsüni çekmegi bilen himiýa senagaty welaýatymyzyň çalt ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi. Welaýatyň çäginde mineral dökünleriň dürli görnüşlerini öndürýän kuwwatly desgalaryň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.