Türkmen küştçileri dünýä çempionatyndan iki bürünç medal bilen dolandylar

Apr 18, 2025 - 17:16
Apr 18, 2025 - 17:19
Türkmen küştçileri dünýä çempionatyndan iki bürünç medal bilen dolandylar

13–15-nji aprel aralygynda Gresiýanyň Rodos şäherinde çagalaryň we ýaşlaryň arasynda çalt küşt (rapid) boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri ýokary netijeleri gazandylar. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu halkara ýaryşda ýurdumyza iki bürünç medal getirildi.

8 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky ýaryşda çykyş eden Anna Çaryýewa mümkin bolan 11 utukdan 8 utuk toplap, üçünji orna mynasyp boldy. Ol diňe Gazagystandan Alişa Bissaliýewa we Hindistandan Anwi Diipakdan ýeňlişe sezewar boldy. Bu üstünlikli çykyş bilen Anna öz derejesindäki dünýäniň öňdebaryjy küştçüleriniň arasynda üstünlik gazandy.

16 ýaşa çenli gyzlaryň derejesinde çykyş eden Jahan Rejepowa hem şeýle utuk (8 utuk) bilen bürünç medala mynasyp boldy. Ýaryşyň başynda güýçli garşydaşlaryny ýeňip öňdeligi eýelän Jahan baýrakly orunlaryň birini eýelemegi başardy.

Beýleki türkmen küştçüleri hem ýaryşda mynasyp çykyş etdiler. 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda çykyş eden Leýla Şöhradowa bäşinji orny eýeläp, bürünç medaldan diňe goşmaça görkezijiler boýunça yza galdy. 12 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky ýaryşda Nurana Söýünowa ýedi tapgyryň jeminde 7-nji orny eýeledi.

Ýaryşa gatnaşan türgenleriň arasynda aýratyn üns çekenleriň biri 6 ýaşly Hangeldi Myradow boldy. Ol 8 ýaşa çenli oglanlaryň derejesinde çykyş edip, mümkin bolan 11 utukdan 6,5 utuk toplady we 48 gatnaşyjynyň arasynda 12-nji orny eýeledi.