YouTube wideolara köp wagt sarp etmegiň öňüni almak üçin Shorts-a täze funksiýa girizjekdigini habar berdi
YouTube Shorts

YouTube ulanyjylara Shorts görnüşli gysga wideolary görýän wagtyna çäklendirme girizmäge mümkinçilik berýän täze aýratynlygy hödürläp biler. Bu barada «Android Authority» habar berýär.
YouTube-yň 20.15.32 beta wersiýasynyň kodlarynda ulanyjy günlük limite ýetensoň, Shorts wideolary görmegi duruzýan ýörite günlük taýmer barada maglumat ýüze çykarylypdyr.
YouTube-yň wekili bu aýratynlygyň häzirki wagtda synagda bolmasa-da, geljekde hödürlenmeginiň mümkindigini aýtdy.
Ulanyjylar beýleki ýerlerde (meselem, gözlegiň netijelerinde ýa-da täzelikler lentasynda) peýda bolýan Shorts wideolary görmäge dowam edip bilerler.
Belläp geçsek, YouTube-da adaty wideolar üçin eýýämden «Arakesme beriň» ýatlatmasy bar. Gysga wideolary aşa köp görmek käbir adamlarda üns ýetmezçiligi we wagt dolandyryşy bilen bagly kynçylyklara sebäp bolup bilýär.
Google-a görä, Shorts görnüşli wideolar her gün 70 milliarddan gowrak gezek görülýär.