Türkmenistanda 1-nji awgustdan başlap däbe öwrülen mekdep bazarlary öz işine girişer. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda okuwçylar we talyplar üçin zerur bolan harytlaryň söwdasyny guramak maksady bilen degişli işler geçirilýär. Söwda nokatlarynda okuw esbaplaryny we beýleki dokma önümlerini ilata hödürlemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wise-premýer mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurduň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, guramagyň teklip edilýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ilatyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenip, täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.