Beýik Britaniýanyň ýaş küştçisi Bodhana Siwanandan 11 ýaşynda halkara küşt ussady diýen ada eýe bolup, bu ugurda täze rekord goýdy. Ol 1988-nji ýylda 12 ýaşynda şeýle ada mynasyp bolan wenger küştçisi Ýudit Polgaryň netijesinden öňe geçdi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär.
Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) düzgünlerine laýyklykda, halkara ussady derejesini almak üçin küştçiniň reýtinginiň 2 400 utuga ýetmegi we degişli beýleki talaplary ýerine ýetirmegi zerurdyr.
Bodhana Siwanandan açyk kategoriýada halkara küşt ussady derejesini alan iň ýaş ýedi küştçiniň hataryna goşuldy. Bu kategoriýada iň ýaş küştçi rekordy Russiýanyň wekili Roman Şogžiýewe degişlidir. Ol 2025-nji ýylda 10 ýaş 3 aý 21 günlük wagtynda bu derejä eýe bolupdy.
Ýaş küştçiniň gazanan üstünlikleri munuň bilen çäklenmeýär. Sentýabryň ahyrynda Samarkantda geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasyndan soň Siwanandan zenanlaryň arasynda grossmeýster derejesine eýe bolan iň ýaş küştçi hökmünde hem tanaldy. Ondan öň bu ugurdaky rekord 2002-nji ýylda 12 ýaş 4 aýlyk wagtynda grossmeýster bolan Ýekaterina Lagnoga degişlidi. Ol ozal Ukrainanyň adyndan çykyş edip, 2014-nji ýyldan bäri Russiýa wekilçilik edýär.
Mundan başga-da, Bodhana Siwanandan Beýik Britaniýanyň zenanlar arasyndaky iň ýaş küşt çempiony bolmagy hem başarypdy. Ol 1939-njy ýylda 13 ýaşynda çempion bolan Eleýn Pritçardyň rekordyny täzeledi.
Ýaş küştçiniň gazanan bu üstünlikleri onuň zehininiň we ýokary taýýarlygynyň netijesidir. Siwanandanyň halkara derejesindäki üstünlikleri dünýä küşt jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip, ýaş türgenleriň bu sport görnüşinde gazanyp biljek mümkinçiliklerini ýene bir gezek görkezýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.