Portugaliýaly meşhur futbolçy Kristiano Ronaldo sport karýerasyndan we telekeçilik işlerinden gazanan umumy girdejisi 2 milliard dollara ýeten ilkinji türgen boldy. Bu barada «Forbes» neşiriniň hasaplamalaryna salgylanyp habar berilýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Ronaldo 2026/2027-nji möwsümde Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubundaky çykyşlary üçin 250 million dollar gazanar. Mundan başga-da, mahabat şertnamalaryndan we beýleki täjirçilik taslamalaryndan onuň girdejisi 50 million dollar bolar diýlip çaklanylýar.
Şeýle hem, geljek ýylda ABŞ-nyň «Inter Maýami» klubunda çykyş edýän argentinaly futbolçy Lionel Messiniň umumy girdejisiniň hem 2 milliard dollardan geçmegine garaşylýar.
41 ýaşly Kristiano Ronaldo futbol taryhynyň iň üstünlikli oýunçylarynyň biridir. Ol bäş gezek «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropa çempiony we UEFA-nyň Milletler ligasynyň iki gezek çempiony boldy.
Ronaldo milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň hem-de klublaryň arasyndaky dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçylaryň biri hökmünde tanalýar.
Portugaliýaly hüjümçi 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri «Al-Nasr» klubunda çykyş edýär. Ol karýerasynyň dowamynda Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Ispaniýanyň «Real Madrid» we Italiýanyň «Ýuwentus» toparlarynyň düzüminde hem oýnady.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.