Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny ösdürmek hem-de dürli pudaklar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde jemi 20 sany täze hünär we taýýarlyk ugry açylýar.

Hünärmen maksatnamasy (10 hünär):

  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti: Nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary; Metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak (nebitgaz pudagynda).
  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti: Oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy; IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy.
  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty: Pedagogika bilimi (arap dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; Ekologiýa; Psihologiýa; Ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa, psihologiýa).
  • Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty: Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy.

Bakalawr maksatnamasy (4 taýýarlygyň ugry):

  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty: Pedagogika bilimi (bedenterbiýe).
  • Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti: Emeli aň we ekspert ulgamlary; Mehatronika we robot tehnikasy.
  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty: Pedagogika bilimi (urdu dili, türkmen dili we edebiýaty).

Magistr maksatnamasy (6 taýýarlygyň ugry):

  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti: Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; Maglumat howpsuzlygy (nebitgaz pudagynda); Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy.
  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti: Ösümlikleri goramak we biotehnologiýa.
  • Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty: Ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy.
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty: Parahatçylyk we bitaraplyk.