ABŞ-nyň Kaliforniýanyň günorta etraplary boýunça federal kazyýeti 2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda ýurduň Döwlet departamentine «Greencard» lotereýasyny geçirmegi tabşyrdy. Bu barada «Courthouse News Service» neşiri kazyýet kararyna salgylanyp habar berýär.

ABŞ-nyň hemişelik ýaşaýjysy bolmaga mümkinçilik berýän «Greencard» maksatnamasy 1990-njy ýylda ýola goýlupdy. Onuň çäklerinde her ýyl dürli ýurtlaryň raýatlarynyň arasynda 50 müň sany immigrasiýa wizasy paýlanýardy. Lotereýada ýeňiji bolanlar ABŞ-da hemişelik ýaşamak we işlemek, telekeçilik bilen meşgullanmak hem-de degişli durmuş ýeňilliklerinden peýdalanmak hukugyna eýe bolup bilýärler. Greencard eýeleri bäş ýyl geçenden soňra ABŞ-nyň raýatlygyny almak üçin ýüz tutup bilýärler.

2025-nji ýylyň dekabrynda ABŞ-nyň içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem prezident Donald Trampyň görkezmesi esasynda maksatnamanyň togtadylandygyny mälim edipdi.

Kazyýet işi ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubioga garşy gozgalyp, oňa «Red Eagle Law» hukuk firmasy tarapyndan ýüz tutulypdyr. Ilkibaşda kazyýet hasaba alyş möhletlerini 2026-njy ýylyň 15-nji oktýabryna çenli yglan etmegi, arzalary kabul etmegi bolsa 18-nji oktýabrdan gijä goýman başlamagy we bu işi 30 günüň dowamynda dowam etdirmegi tabşyrypdyr.

Soňra taraplaryň arasynda möhletleri üýtgetmek barada ylalaşyk gazanylypdyr. Täze ylalaşyga görä, arzalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 1-nji noýabryndan gijä galman başlanmaly, lotereýanyň netijeleri bolsa 3-nji dekabra çenli yglan edilmeli.

Şeýle-de bolsa, kazyýetiň bu karary «Greencard» lotereýasynyň hökmany suratda gaýtadan başlajakdygyny aňlatmaýar. ABŞ-nyň administrasiýasynyň karara garşy şikaýat etmek mümkinçiligi saklanyp galýar. Şonuň üçin dalaşgärlere arzalaryň kabul ediljek seneleri we maksatnamanyň geljekki ýagdaýy baradaky resmi habarlary yzarla­mak maslahat berilýär.