Belarus Respublikasynyň Döwlet standartlaşdyryş komiteti 27-nji noýabrdan başlap, Russiýada öndürilýän «Саша» atly odekolonyň satuwyny gadagan etdi. Bu karar önümiň Gümrük birleşiginiň tehniki düzgünleriniň talaplaryna laýyk gelmeýändigi sebäpli kabul edildi. Degişli maglumat howply önümleriň sanawynda ýerleşdirildi.

Resminamada odekolonyň düzümi bilen bagly howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilmändigi we önümiň «Parfýumeriýa-kosmetika önümleriniň howpsuzlygy hakynda» TR TS 009/2011 tehniki düzgünine laýyk gelmeýändigi bellenilýär.

Mineralnyýe Wody şäherinde ýerleşýän «ABAR» kompaniýasy tarapyndan öndürilýän önümiň düzüminde butilfenilmetilpropional atly madda ýüze çykaryldy. «Lilial» ady bilen hem belli bolan bu himiki birleşmäni parfýumeriýa we kosmetika önümleriniň önümçiliginde ulanmak gadagan edilendir.

Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, lilial belli bir täsir derejesinde kanserogen, mutagen we köpeliş ulgamyna zyýan ýetirip bilýän madda hökmünde klassifikasiýa edilýär. Ýewropa Bileleşiginde bu maddany kosmetika önümlerinde ulanmak 2022-nji ýyldan bäri gadagan edilýär. Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň ýurtlarynda bolsa 2023-nji ýyldan başlap, täze öndürilýän önümlerde onuň ulanylmagyna rugsat berilmeýär.