
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2027-2028 -nji okuw ýyly üçin “Hýübert Hamfri adyndaky stipendiýa” maksatnamasyna arzalary kabul edýär. Bu maksatnama jemgyýetçilik pudagynda üstünlikli işläp ýören orta derejeli hünärmenlere alymlyk derejesini hödürlemezden, 10 aýyň dowamynda ABŞ-da okuw we hunär işini aşakda görkezilen ugurlar boýunça ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär:
Aragatnaşyk we žurnalistika
Hamfri talyp hakynyň eýeleri derňew we jogapkär žurnalistika, milli teleradioýaýlymlar we sanly media ýaly media we aragatnaşyk ulgamynda alynyp barylýan işler arkaly maglumat giňişliginiň bitewüligini we ABŞ-nyň global media giňişligindäki täsirini güýçlendirýär. Olar sanly döwürde şahsy, söz azatlygyny we medianyň açyklygynyň ýörelgelerini öňe sürýär. Şeýle hem maglumat bitewüligini güýçlendirýär we açyk jemgyýetçilik pikir alyşmalaryny goldaýar.
Hukuk we Döwlet dolandyryşy
Hamfri talyp hakyny gazananlar ABŞ-nyň howpsuzlyk bähbitlerini goldaýan düzgün nyzamly ulgamlary ösdürýärler. Olar hukukçylar, kazylar, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, syýasatçylar we raýat jemgyýetiniň ýolbaşçylary hökmünde işläp öňe sürýärler, howpsuzlyk ulgamlaryny güýçlendirýärler we adalatly hem-de jogapkärçilikli adalat ulgamlaryny goldaýarlar.
Olar halkara jenaýatçylyga we adam söwdasyna garşy göreşýärler, korrupsiýa garşy çykyş edýärler, şahsy azatlyklaryň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlarda jogapkärçiligi üpjün edýärler we açyk hem-de netijeli dolandyryşy ösdürýärler.
Tebigy baýlyklar syýasaty
Hamfri talyp hakuny gazananlar energiýa garaşsyzlygyny, serişdeleriň howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygy goldaýan syýasatlary ösdürýärler. Olaryň işi möhüm mineral serişdeleri, energiýa ulgamlary, suw we oba hojalygy ýaly ugurlary öz içine alýar.
Olar ygtybarly üpjünçilik zynjyrlaryny üpjün etmäge, azyk howpsuzlygyny güýçlendirmäge we strategiki bäsdeşler tarapyndan peýdalanylyp bilinjek gowşak taraplary azaltmaga ýardam edýärler. Bu işler ABŞ-nyň ykdysady kuwwatyny we dünýä derejesindäki durnuklylygy göni goldaýar.
Döwlet we Ykdysady Syýasat
Hamfri talyp hakyny gazananalar sebit we milli derejelerde dürli ugurlardaky möhüm jemgyýetçilik we ykdysady syýasat meselelerini çözýärler. Olar ykdysady ösüşi, işçi güýjüniň ösdürilmegini we bazar giňelmegini goldaýan, ABŞ-nyň bähbitlerine laýyk syýasatlary öňe sürýärler.
Olaryň işi söwda we maýa goýum, işçi güýjüni ösdürmek, bilim syýasaty we dolandyryşy, maliýe we pul syýasaty, döwlet–hususy hyzmatdaşlyklar we döwlet sektoryny dolandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar.
Fellows delillere esaslanýan syýasatlary işläp düzýärler we durmuşa geçirýärler; bu syýasatlar ykdysady ösüşi we howpsuzlygy güýçlendirýär, edaralary berkitýär we içerki hem–de daşary syýasat boýunça netijeli karar kabul edilmegine ýardam berýär.
Jemgyýetçilik Saglygy Syýasaty we Dolandyryş
Hamfri talyp hakyny gazananlar global saglygy goraýyş ulgamynda özbaşdak we durnukly ýerli saglyk ulgamlaryny ösdürýärler. Olar ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak ýaly jemgyýetçilik saglygy bilen bagly möhüm meseleleri çözmek üçin syýasatlary işläp düzmek, hyzmatlary guramak, gözegçilik (monitoring) we edaralaryň taýýarlygyny güýçlendirmek bilen meşgullanýarlar.
Hünärmenler saglyk syýasatçylary, lukmanlar, kliniki dolandyryjylar, saglyk boýunça mugallymlar we praktikler hökmünde çykyş edýärler. Olar jemgyýetçilik saglygy howplaryny dolandyrýan syýasatlary ösdürip, adamlaryň saglygyny goramaga hem–de ykdysady durnuklylygy saklamaga ýardam edýärler.
Tehnologiýa syýasaty we dolandyryş
Hamfri talyp hakyny gazananlar täze we öňden bar bolan tehnologiýalaryň jemgyýetçilik, ykdysady we howpsuzlyk taýdan edýän täsirlerini dolandyrmak üçin strategiýalary we syýasatlary ösdürýärler we durmuşa geçirýärler. Munuň maksady ABŞ-nyň we onuň hyzmatdaşlarynyň bu ugurda öňdebaryjylygyny üpjün etmek, şeýle hem tehnologiýalaryň garşydaş taraplar tarapyndan nädogry ulanylmagynyň öňüni almakdyr.
Olar kiberhowpsuzlyk, emeli aň, maglumatlary dolandyrmak, sanly infrastruktura, telekommunikasiýa, biotehnologiýa we saglyk tehnologiýalary ýaly ugurlarda işleýärler. Şeýle hem tehnologiýanyň şäher meýilnamalaşdyrylyşyna, ulag ulgamyna we işçi güýjüniň üýtgemegine edýän täsirini öwrenýärler we dolandyrýarlar.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
*Bellik: Diňe gürrüňdeşlik tapgyryndan geçen dalaşgärler ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan TOEFL synagyna hasaba alynarlar. Synaga özbaşdak hasaba alynan we töleg geçiren dalaşgärleriň çykdajylary yzyna gaýtarlyp berilmez.
ABŞ-nyň Ilçihanasynda işleýän ýerli işgärler ýa-da ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) öňki işgärleri, şol sanda wagtlaýyn işgärler we potratçylar, şeýle hem olaryň maşgala agzalary; ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň islendik alyş-çalyş maksatnamasyna dalaşgärleri hödürleýän ýa-da saýlaýan gurama bilen işleýän (ýa-da başgaça baglanyşykly) adamlar;
Talaplar:
Üns beriň:
Ýüklenen resminamalaryň ählisiniň iňlis dilindäki resmi terjimesi bolmalydyr;
Resminamalar kagyz görnüşinde kabul edilmez.
Anketany internet arkaly şu ýerde tabşyryp bilersiňiz https://apply.iie.org/huberthhumphrey
Anketalary tabşyrmagyň iň soňky güni: 2026-nji ýylyň 17-nji iýuly
Goşmaça maglumat üçin AshgabatEducation@state.gov elektron salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz
Salgysy:
ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
Andalyp köçesiniň 70-nji jaýy,
Halkara işewürlik merkeziniň 3-nji gaty.
Tel.: (+99312) 473503; 473506; 473581; 473584
Faks: (+99312) 473529
Mahabat:
Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com
Keywords