
Türkmenistandaky Amerikan Burçlary 15–18 ýaş aralygyndaky zehinli ýaşlary amaly “Robototehnika” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu gysga möhletli okuwlar ýaşlara häzirki zaman tehnologiýalarynyň inçe syrlaryny öwrenmäge giň mümkinçilik döredýär.
Okuw maksatnamasynyň çäginde gatnaşyjylar “Lego Mindstorms”, “Arduino” we “Dash” ýaly meşhur robototehnika gurallary bilen ýakyndan tanyşyp, olary ulanmagyň usullaryny öwrenerler. Bu bolsa okuwçylaryň inženerçilik we programmirleme ugrundaky başarnyklaryny ösdürmäge uly goşant goşar.
Maksatnama 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyndan 21-nji awgustyna çenli aralykda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Okuwlar Aşgabat, Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde ýerleşýän Amerikan Burçlarynyň binýadynda guralar.
Bu gyzykly we bilim beriji taslama gatnaşmak isleýän ýaşlar 2026-njy ýylyň 26-njy iýulyndan gijä galman, https://bit.ly/AS-robotics salgysy arkaly hasaba durup bilerler.
Amerikanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik torlarynda berilen habara görä, bu başlangyç ýaşlaryň tehnologik sowatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Keywords