
Ýurdumyzyň elektronika önümçiliginiň öňdebaryjylarynyň biri bolan «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Maý aýynyň 9-15-nji günleri aralygynda bolup geçen bu saparyň baş maksady dünýäniň iň döwrebap önümçilik tehnologiýalaryny ýerinde öwrenmekden hem-de kärhananyň önümçilik kuwwatyny döwrebaplaşdyrmak üçin halkara gatnaşyklary giňeltmekden ybarat boldy.
Iş saparynyň çäklerinde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň wekiliýeti Hytaýyň Şandun welaýatynda ýerleşýän meşhur «INSPUR GROUP CO., LTD.» korporasiýasynyň görkeziş merkezinde we önümçilik meýdançalarynda boldy. Korporasiýanyň wise-prezidenti jenap Sami Feng bilen geçirilen ýokary derejeli duşuşykda taraplar 2025-nji ýylda bilelikde üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalaryň netijelerine ýokary baha berdiler we geljekki hyzmatdaşlygyň täze strategik ugurlaryny kesgitlediler.
Iki tarapyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda durmuşyň we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna innowasion çözgütleri girizmek boýunça aşakdaky möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy:
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda dünýä belli korporasiýalar bilen möhüm ylalaşyklara gol çekdi. Bu sapar ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmek we täze iş orunlaryny döretmek ugrunda nobatdaky taryhy ädim boldy.
Saparyň dowamynda «SHENZHEN UNILUMIN GROUP CO., LTD.» korporasiýasy bilen geçirilen gepleşiklerde geçirilen işleriň netijeleri seljerilip, 2026-njy ýylda täze iri taslamalary durmuşa geçirmek hem-de bilelikde halkara çäreleri guramak barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle-de, «SHENZHEN ALONG ELECTRONICS CO., LTD.» kompaniýasy bilen Türkmenistanda akylly telefonlaryň, planşetleriň we Android ulgamly enjamlaryň elektron platalarynyň (SMT) döwrebap önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirildi. Bu ýokary takyklykly önümçilikde Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň iň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanylar.
Kärhana diňe bir sanly ulgamda däl, eýsem gurluşyk we senagat önümçiligini döwrebaplaşdyrmak ugrunda hem uly ädimleri ätdi. Hytaýyň meşhur zawodlary bolan «FOSHAN JOPAR MACHINERY CO., LTD.» hem-de «YAOLONG GROUP CO., LTD.» kompaniýalary bilen geçirilen duşuşyklarda täze işe giriziljek senagat sehleri barada tejribe alşyldy. Geljekde kärhananyň çäginde gyzgyn sinkleme, demir gorag barýerleri, profnastil üçek örtükleri hem-de dürli ölçegdäki polat turbalaryň we demir profilleriň önümçilik liniýalary ýola goýlar. Türkmen hünärmenleri enjamlaryň işjeňligini ýerinde synlap, hyzmatdaşlygy tassyklaýan resmi resminamalara gol çekdiler.
Keywords