
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti nebitgaz pudagynyň dürli ugurlary, inženerçilik, IT tehnologiýalary, ykdysadyýet we logistika boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin 2026/2027-nji okuw ýylyna talyplyga kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.
Okuw ugurlary
Uniwersitetde hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar:
Resminamalary kabul etmek
Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär. Dalaşgärler rektoryň adyna arza, sowalnama, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, fotosuratlar, zähmet depderçesiniň göçürmesi (işleýänler üçin), pasportyň we harby şahadatnamanyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar.
Giriş synaglarynyň tertibi
Giriş synaglary Aşgabat şäherinde geçirilýär. Dalaşgärler welaýatlar boýunça bellenilen möhletlerde synaglara gatnaşmalydyrlar:
Synaglar fizika, matematika, himiýa ýa-da iňlis dili derslerinden (saýlanan ugry boýunça) Türkmenistanyň taryhy bilen birlikde döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Habarlaşmak üçin: Salgy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 8. Telefon belgileri: 39-13-74, 39-13-70.
Keywords