Belgiýanyň Air Belgium awiakompaniýasy Aşgabat halkara howa menziline ilkinji yzygiderli ýük gatnawyny amala aşyryp, Aziýadan Ýewropa harytlary daşamak üçin täze howa ugruny açdy.
Awiakompaniýanyň bu gatnawy Aşgabat howa menziliniň halkara ýük daşamalary ulgamyndaky ähmiýetini artdyrýan täze ugurlaryň biri boldy. Täze ugur arkaly Aziýa ýurtlaryndan dürli ýükleri Belgiýa we beýleki Ýewropa bazarlaryna daşamak üçin mümkinçilik döredilýär.
Air Belgium kompaniýasynyň ýerüsti amallar boýunça direktory Matiu Wituk Aşgabat halkara howa menziliniň täze gatnawy ýola goýmaga beren goldawyna minnetdarlyk bildirdi.
«Bu biziň Aşgabat şäherine ilkinji gatnawymyz. Bu mümkinçilikden örän hoşal. Aşgabat howa menziline goldawy we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirýäris. Aziýadan Belgiýa ýüklerimizi daşamakda bu hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýeti bar. Biz ony köp ýyllaryň dowamynda dowam etdirmegi umyt edýäris» diýip, ol belledi.
Air Belgium merkezi Belgiýanyň Mon-Sen-Giber şäherinde ýerleşýän we esasan halkara ýük howa gatnawlaryna ýöriteleşen awiakompaniýadyr.
Aşgabat arkaly täze yzygiderli ýük ugrunyň açylmagy Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşişiniň we paýtagtyň halkara logistika ulgamyndaky mümkinçilikleriniň has-da giňeýändigini görkezýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.