Kanadanyň Albertiň ülkesiniň ýaşaýjylarynyň aglaba bölegi sebitiň ýurduň düzüminde galmagyny goldady. 21-nji oktýabrda geçirilen sala salşygyň deslapky netijeleri muny görkezýär. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berdi.

Nebit we beýleki tebigy baýlyklara baý bolan Albertiň özbaşdaklygyny ses berenleriň 23 göterimden gowragy goldady. Saýlawçylaryň 76 göterimi bolsa onuň Kanadanyň düzüminde galmagynyň tarapdary boldy.

«The Guardian» neşiriniň bellemegine görä, sala salşygyň deslapky netijeleri Kanadanyň hökümet başlygy we ýurduň bitewüligini goldaýan güýçler üçin möhüm netije boldy.

Albertiň garaşsyzlygyny goldaýanlaryň arasynda ABŞ-nyň käbir syýasy wekilleri, şol sanda Donald Tramp hem bar.