ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy müdirligi (FAA) köp wagtdan bäri garaşylýan «Boeing 737 MAX 10» ýolagçy uçarynyň ulanylmagyna soňky rugsady berdi. Bu karar amerikan uçargurluşyk kompaniýasy «Boeing» üçin 737 MAX maşgalasynyň iň köp ýolagçy sygdyryp bilýän görnüşini müşderilere tabşyrmaga ýol açýar.
«Boeing» kompaniýasy MAX 10 modeliniň girdejileriň artmagyna we soňky ýyllarda başdan geçirilen maliýe kynçylyklaryndan soň kompaniýanyň dikelmegini dowam etdirmäge möhüm goşant goşmagyna garaşýar. Uçaryň bazara çykarylmagy bilen bagly möhletler ozal birnäçe gezek yza süýşürilipdi.
Awiasiýa pudagyny seljermek bilen meşgullanýan IBA kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, awiakompaniýalar eýýäm MAX 10 uçarlarynyň 1 550-den gowragyny sargyt etdiler. Bu model «Boeing» kompaniýasynyň 737 maşgalasy boýunça ýerine ýetirilmedik sargytlarynyň umumy möçberiniň 31 göterimini düzýär.
MAX 10 modeli «Boeing» bilen Ýewropanyň «Airbus» kompaniýasynyň dar göwrümli ýolagçy uçarlarynyň girdejili bazaryndaky bäsdeşliginde möhüm orun eýeleýär. Hytaýyň COMAC C919 uçary bolsa häzirki wagtda bu iki esasy öndürijiden ep-esli yza galýar.
«Boeing» 2020-nji ýyllaryň başyndan bäri 737 MAX 10 uçary üçin sertifikat almaga synanyşýar. MAX maşgalasynyň iň uly görnüşi 230 ýolagça çenli sygdyryp bilýär. Deňeşdirmek üçin, MAX 9 uçarynyň ýolagçy sygymy 195 adama, MAX 7-niňki bolsa 160 adama çenli ýetýär.
Sertifikatlaşdyrmak işiniň gijikdirilmegi «Airbus» kompaniýasyna bu bazardaky ornuny berkitmäge mümkinçilik berdi. Netijede, «Airbus A321neo» uly dar göwrümli ýolagçy uçarlarynyň bazarynda has uly paý gazandy.
Ýolagçy sygymy artdyrylan täze uçaryň peýda bolmagy birnäçe awiakompaniýanyň ösüş meýilnamalary üçin möhüm ähmiýete eýedir. MAX 10 uçarlarynyň esasy sargytçylarynyň arasynda «United Airlines», «Alaska Airlines», «Ryanair», «Delta Air Lines» we «American Airlines» kompaniýalary bar.
«Boeing» kompaniýasy eýýäm bu modeliň birnäçe nusgasyny öndürdi. Olar müşderilere tabşyrylmagyna garaşýarlar. Uçaryň ulanylyşyna resmi rugsadyň berilmegi onuň bazara çykarylmagyndaky möhüm tapgyr bolup, indiki ädimler önümçiligiň we uçarlary müşderilere tabşyrmagyň meýilnamalaryna bagly bolar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.