
Häzirki wagtda rak keselini anyklamagyň esasy usuly biopsiýa edilip, öýjükleriň mikroskop bilen barlanmagy (gistopatologiýa) hasaplanýar. Emma bu usul agyryly we wagty talap edýär.
Alymlar alternatiw usul hökmünde infraçyzgy spekroskopiýasyny (ATR-Furýe IR spekroskopiýasy) teklip etdiler. Bu usul dokumanyň molekulalary bilen infraçyzgy şöhlesiniň özara täsirini ölçemäge esaslanýar. Spektrometr ady berlen enjam dokumanyň himiki düzümine degişli “spektral barmak yzlaryny” kesgitleýär.
Eksperimentde süýt mäzindäki 56 sany normal we kesel öýjükleriň nusgalary seljerildi. Esasy göstergelerden biri öýjükniň ýadrosy bilen sitoplazmasynyň gatnaşygy boldy. Rak öýjüklerinde bu gatnaşygyň üýtgemegi spektrometriň sagdyn we keselli öýjükleri tapmagyna ýardam berdi.
Şeýle hem glikogen derejesi ( öýjük energiýasynyň çeşmesi) beýleki möhüm belligi boldy. Onuň kömegi bilen süýt mäzindäki iki görnüşli gowy öýjük — fibroadenoma we fibrozi-kistoz mastopatiýa tapawutlandyrylýardy. Bu görkezijiler 100% takyklygy üpjün etdi.
Umumy takyklyk hem 100%-e ýetdi. Alymlar bu usuly rak keselini tiz we takyk anyklamak üçin peýdaly gurallaryň biri hökmünde görýärler, ýöne kliniki ulanyşa girizmek üçin giň gerimli synaglar gerek diýip nygtaýarlar.
Keywords