Türkmen türgeni Sanjarbek Awazberdiýew Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen sambo boýunça 50-nji dünýä çempionatynda altyn medal gazandy. Ol söweş sambosy boýunça 64 kilogram agram derejesinde çykyş edip, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy.

Sanjarbek Awazberdiýew altyn medala barýan ýolda bäş duşuşyk geçirip, garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykdy. Ýaryşyň dowamynda diňe bir utuk ýitiren türkmen pälwany öz ussatlygyny we ýokary taýýarlygyny görkezdi.

Türkmen samboçysynyň ýaryşdaky netijeleri:

1/16 finalda ekwadorly Lenin Guerrany 6:0 hasabynda ýeňdi.

1/8 finalda ukrainaly Ian Raskinden 9:0 hasabynda üstün çykdy.

1/4 finalda marokkoly Abdelmunim Farouhini 8:0 hasabynda ýeňdi.

1/2 finalda ermenistanly Mais Nersesýandan 8:1 hasabynda üstün çykdy.

Finalda bolsa belarusly Jauhen Mihno bilen duşuşyp, ony 8:0 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, Sanjarbek Awazberdiýew Daşkentde geçirilen dünýä çempionatynda ýokary netijäni görkezip, söweş sambosy boýunça dünýä çempiony boldy.