Ýaponiýaly alymlar semizlikden soň bedende bolup geçýän käbir üýtgeşmeleriň horlanandan soň hem saklanyp bilýändigini anykladylar. Bu ýagdaý immun ulgamynyň öýjükleriniň, hususan-da makrofaglaryň işjeňligindäki üýtgeşmeler bilen baglanyşykly bolup biler.
Söwe uniwersitetiniň lukmançylyk hünärmenleri tarapyndan geçirilen barlagda semizligi başdan geçiren syçanlaryň ýag dokumasyndaky makrofaglaryň ýagdaýy öwrenildi. Alymlar olaryň käbirinde CWC22 belogynyň derejesiniň peselýändigini we munuň horlanma döwründe ýagyň dargamagyny haýalladýandygyny anykladylar.
Barlaglaryň netijesine görä, semizlik döwründe makrofaglarda genleriň işlenişi we RNK-nyň görnüşleri üýtgeýär. Üns çekiji tarapy, RNK bilen baglanyşykly üýtgeşmeleriň 51,9 göterimi haýwanlar horlanandan soň hem saklanypdyr. Bu görkeziji genleriň işjeňligindäki uzak möhletli üýtgeşmelerden has ýokary bolupdyr.
CWC22 belogynyň ýetmezçiligi makrofaglaryň ölen öýjükleri aýyrmak ukybyny peseldýär. Şeýle ýagdaýda ýag dokumasynda inoziniň öndürilişi hem azalýar. Inozin bolsa ýaglaryň dargamagyny höweslendirýän maddalaryň biridir. Syçanlarda inoziniň derejesiniň ýokarlandyrylmagy ýag dokumasynyň we bedeniň agramynyň has çalt azalmagyna ýardam beripdir.
Alymlar Scarb1 geni bilen baglanyşykly bu prosesi hem öwrenip, ýörite antisens oligonukleotid AS2 arkaly makrofaglaryň işini kadalaşdyrmaga synanyşdylar. Tejribelerde bu usul ölen öýjükleriň aýrylmagyny gowulandyrdy, inoziniň derejesini ýokarlandyrdy we ýaglaryň dargamagyny güýçlendirdi.
Şuňa meňzeş üýtgeşmeleriň adam bedenindäki makrofaglarda hem ýüze çykýandygy anyklandy. Ýöne gözlegiň esasy netijeleri häzirlikçe haýwanlaryň üstünde geçirilen synaglara esaslanýar. Şonuň üçin bu açyş semizligi ýa-da horlanmakdaky kynçylyklary bejermek üçin taýýar usul hökmünde garalyp bilinmez.
Gözlegiň netijeleri Science Translational Medicine ylmy žurnalynda çap edildi. Alymlaryň pikiriçe, täze maglumatlar semizlikden soň bedende käbir täsirleriň näme üçin uzak wagtlap saklanýandygyny has gowy düşünmäge mümkinçilik berip biler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.