Hytaýyň Şençzhen Emeli aň we jemgyýetçilik robottehnikasy institutynyň hem-de ABŞ-nyň Stiwensiň tehnologik institutynyň alymlary suwda halas ediş işlerini geçirmek üçin möýi ýatladýan täze robot döretdiler. Bu innowasion enjam suwuň ýüzünde agramyny deň paýlap ýöräp bilýän awçy-möýleriň tebigy anatomik aýratynlyklaryna esaslanyp tasarlandy.

Täze robotyň dört sany aýagy bolup, olar enjamyň ugruny kesgitleýän we suwdaky hereketini kadalaşdyrýan ýörite algoritmiki ulgam arkaly dolandyrylýar. Dürli suw howdanlarynda geçirilen synaglar enjamyň binanyň içinde-de, açyk meýdanda-da halas ediş we gözleg işlerini ýokary takyklyk bilen amala aşyryp bilýändigini görkezdi. Bu taslama Adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary üçin täze mümkinçilikleri açýar.