ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşýan goşandynyň möhümdigini belledi.
Bu barada diplomat ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan «Sorag-jogap» atly wideo tapgyrynyň ilkinji sanynda gürrüň berdi.
Kristin Hokinsiň bellemegine görä, amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işjeňligi iki ýurduň hem ykdysady bähbitlerine laýyk gelýär. Onuň pikiriçe, ABŞ-nyň işewürleriniň Türkmenistanda alyp barýan işleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär.
Diplomat iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň bardygyny hem nygtady. Bu ugurda işewür gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň geljekde hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň döremegine şert döredip biljekdigi bellenildi.
Wideo söhbetdeşliginde Kristin Hokins Türkmenistan baradaky ilkinji täsirleri barada hem gürrüň berdi. Ol ýurdumyza gelen döwründe dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar bilen tanyşandygyny aýtdy.
Diplomat söhbetdeşligiň dowamynda türkmen dilinde hem birnäçe soraga jogap berdi. Şeýle hem ol türkmen dilini öwrenmegi dowam etdirýändigini belledi.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bu wideo tapgyryň çäginde geljekde hem ulanyjylaryň soraglaryna jogap berilýän täze gepleşikleri taýýarlamagy meýilleşdirýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.