Lebap welaýatynda 35 sany atly ýigidiň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly taryhy ýörişe badalga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň habaryna salgylanyp, «Atavatan Türkmenistan» neşiri habar berýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan ýörişe gatnaşyjylar Jeýhunyň kenaryndaky Türkmenabat şäheriniň eteginden dabaraly ýagdaýda ýola düşdüler.
Ýörişe ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna, Aşgabat we Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän 35 sany atly ýigit gatnaşýar. Olar gadymy Amulyň eteginden ugur alyp, Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagyna tarap hereket ederler.
Taryhy ýörişiň umumy uzaklygy 1 müň 755 kilometre deň bolar. Gatnaşyjylaryň bu menzili bir aýa golaý wagtyň dowamynda geçip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Awaza baryp ýetmegi meýilleşdirilýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.