Türkiýäniň Antalýa welaýatynda turan güýçli tüweleý dört adamyň heläk bolmagyna, ýene bir adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Bu barada «RIA Nowosti» habar gullugy ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.
Wakanyň Antalýanyň Kepez etrabynda sişenbe gününe geçilýän gije bolandygy habar berilýär. Güýçli ýel gurluşyk işçileriniň ýaşaýan wagtlaýyn jaýlaryny weýran edipdir. Netijede, dört işçi heläk bolup, ýene bir işçi şikes alypdyr.
Antalýanyň häkimiýetleri duş gelýän howply howa şertleri barada öňünden duýduryş berip, ýaşaýjylary we syýahatçylary güýçli ýagyşlardan hem-de harasatly tüweleýden ägä bolmaga çagyrdylar.
Türkiýäniň Baş meteorologiýa edarasynyň çaklamasyna görä, welaýatda ýagynlaryň anna güni gowşamagyna garaşylýar. Emma şenbe güni ýagyşlaryň gaýtadan başlamagy mümkin.
Hünärmenler howa şertleri ýaramazlaşanda raýatlara howpsuzlyk çärelerini berjaý etmegi we degişli edaralaryň duýduryşlaryna eýermegi maslahat berýärler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.