Bütindünýä syýahatçylyk guramasy (UN Tourism) 10-njy Bütindünýä gastronomiýa syýahatçylygy forumyny geçirmek üçin Azerbaýjany saýlady. Halkara çäräniň 2027-nji ýylyň iýun aýynda ýurduň Gabala şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentliginiň maglumatlaryna görä, bu forum ýurduň baý milli aşpezlik mirasyny dünýä tanatmakda we gastronomiýa syýahatçylygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Forumyň çäklerinde halkara syýahatçylyk we gastronomiýa pudaklarynyň wekilleri Azerbaýjanyň milli tagamlary, aşpezlik däpleri hem-de ýerli önümleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Şeýle hem çäräniň dürli ýurtlaryň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak we täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin meýdança bolmagyna garaşylýar.
Bütindünýä gastronomiýa syýahatçylygy forumy UN Tourism guramasynyň başlangyjy bilen 2015-nji ýyldan bäri geçirilýär. Oňa syýahatçylyk we gastronomiýa pudaklarynyň hünärmenleri, önüm öndürijiler, telekeçiler hem-de döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Forumyň esasy maksady gastronomiýa syýahatçylygy boýunça bilimleri we tejribeleri alyşmagy höweslendirmekden, üstünlikli tejribeleri ýaýratmakdan hem-de milli aşhananyň syýahatçylyk ugurlarynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmakdaky ornuny berkitmekden ybaratdyr.
2027-nji ýylda geçiriljek forum Azerbaýjanyň milli aşpezlik medeniýetini halkara derejesinde giňden tanyşdyrmaga we ýurduň gastronomiýa syýahatçylygynyň mümkinçiliklerini ösdürmäge goşant goşar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.