“Apple” kompaniýasy Kupertinoda geçirilen “Surprise and Shine” atly tanyşdyrylyş dabarasynda “iPhone” maşgalasynyň ilkinji bükülýän smartfonyny — “iPhone Duo” modelini köpçülige hödürledi.
Täze enjamyň başlangyç bahasy 1999 dollar bolup, onuň 23-nji oktýabrdan satuwa çykarylmagyna garaşylýar. “iPhone Duo” açylanda ekranyň ölçegi iki esse ulalýar we smartfony has giň iş meýdanly enjam hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.
Täze model “Apple” kompaniýasynyň smartfonlarynyň arasynda iň uly displeýleriň biri we inçe korpusy bilen tapawutlanýar. Enjamyň gurluşynda titan we keramiki süýümler ulanylyp, öňki hem-de yzky paneller “Ceramic Shield” gorag tehnologiýasy bilen üpjün edildi.
“iPhone Duo” 20 minut töweregi wagtda batareýanyň kuwwatynyň 50 göterimine çenli zarýad alyp bilýär. Täze smartfon iki görnüşde — “Star White” we “Night Sky” reňklerinde hödürlenýär.
Kompaniýanyň täze ýolbaşçysy Jon Ternusyň bellemegine görä, täze bükülýän model ulanyjylara maglumatlary has giň ekranda görmäge we dürli işlerde smartfonyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga şert döreder.
Tanyşdyrylyş dabarasynda “Apple” täze “iPhone 18 Pro” we “iPhone 18 Pro Max” modellerini hem görkezdi. Olaryň başlangyç bahalary degişlilikde 1199 we 1299 dollar hökmünde kesgitlenildi. Kompaniýanyň maglumatyna görä, “iPhone 18 Pro Max” 45 sagada çenli, “iPhone 18 Pro” bolsa 36 sagada çenli awtonom işläp bilýär.
Şeýle hem “Apple” “AirPods” nauşnikleriniň täze neslini we “Apple Watch Series 12” hem-de “Apple Watch Ultra 4” akylly sagatlaryny tanyşdyrdy. Täze enjamlarda ses basyp ýatyrmak, saglyk görkezijilerine gözegçilik etmek, gepleşikleri ýazga almak we olary tekst görnüşine geçirmek ýaly mümkinçilikler kämilleşdirildi.
Bu tanyşdyrylyş dabarasy Jon Ternusyň “Apple” kompaniýasynyň baş direktory wezipesine geçenden soňky ilkinji iri köpçülikleýin çäresi hökmünde hem ähmiýetli boldy. Ol bu wezipede Tim Kukuň ornuny eýeledi. Ternus mundan ozal kompaniýanyň apparat inženerçiligi boýunça wise-prezidenti bolup işledi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.