«Apple» kompaniýasy korporasiýanyň täze baş direktorynyň wezipä bellenendigini resmi taýdan yglan etdi. Kompaniýanyň täze ýolbaşçysy Jon Ternus bu wezipede 2011-nji ýyldan bäri «Apple»-e ýolbaşçylyk edip gelen Tim Kukyň ornuny eýeledi.

Jon Ternus «Apple» kompaniýasynda 2001-nji ýyldan bäri zähmet çekýär. Ol baş direktor wezipesine bellenmezden ozal enjamlaryň üpjünçiligi boýunça uly wise-prezident bolup işledi. Şol döwürde Ternus iPhone, iPad, Mac, Apple Watch we AirPods ýaly kompaniýanyň esasy önümleriniň işlenip taýýarlanylmagyna ýolbaşçylyk etdi.

Täze baş direktor Pensilwaniýa uniwersitetinde maşyn gurluşygy hünäri boýunça bilim aldy. Onuň köp ýyllaryň dowamynda kompaniýanyň önümçilik we tehnologiýa ugurlaryndaky işlere gatnaşmagy «Apple»-iň ýolbaşçylygyndaky täze tapgyr üçin möhüm tejribe hökmünde görkezilýär.

Tim Kuk bolsa kompaniýadan doly çekilmeýär. Ol «Apple»-iň direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy wezipesinde işini dowam etdirer. Şeýle hem onuň kompaniýanyň käbir möhüm ugurlaryna, şol sanda dürli ýurtlaryň döwlet we syýasy ýolbaşçylary bilen gatnaşyklaryna gatnaşmagyna garaşylýar.

Kuk 2011-nji ýylda kompaniýanyň esaslandyryjysy Stiw Jobsuň ornuna baş direktor bolup gelipdi. Onuň ýolbaşçylyk eden ýyllarynda «Apple»-iň bazar kapitalizasiýasy ep-esli ýokarlandy we kompaniýa dünýäniň iň gymmatly tehnologiýa kompaniýalarynyň birine öwrüldi.

Jon Ternusyň ýolbaşçylygyndaky täze döwürde «Apple»-iň emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmäge has köp üns bermegine garaşylýar. Kompaniýa bu ugurda OpenAI we Anthropic ýaly öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary bilen bäsdeşlik edýär.

Hünärmenleriň pikiriçe, täze ýolbaşçy «Apple»-iň emeli aň mümkinçiliklerini ösdürmek bilen bir hatarda kompaniýanyň önüm dizaýnyna we strategik çözgütlerine hem aýratyn üns berip biler.