Özbegistan energetika pudagyny ösdürmek we elektrik energiýasyny öndürmek boýunça mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Ýurtda umumy bahasy 4,7 milliard ABŞ dollaryna deň bolan alty sany ylalaşyga gol çekildi. Şeýle hem ýene iki sany täze atom elektrik stansiýasyny (AES) gurmak meýilnamasy yglan edildi.

Bu barada Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçirilen Energetika pudagynyň maýadarlar geňeşiniň mejlisinde mälim edildi. Ylalaşyklaryň çäklerinde 3 müň megawat täze elektrik öndüriji kuwwaty we 400 megawatlyk energiýa saklaýyş ulgamlaryny işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Taslamalara Saud Arabystanynyň «ACWA Power», Fransiýanyň EDF, Ýaponiýanyň «Toyota Tsusho» we Birleşen Arap Emirlikleriniň «AMEA Power» ýaly halkara kompaniýalary gatnaşýar. Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan ilkinji atom elektrik stansiýasyndan başga-da, ýurtda ýene iki sany şeýle desgany gurmak meýilleşdirilýär.

Bu başlangyçlar Özbegistanyň 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň elektrik önümçiligindäki paýyny 54 göterime ýetirmek baradaky strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Şeýle hem ýurt daşary ýurt maýadarlary üçin nebitgaz gorlarynyň bardygy çaklanylýan 128 sany täze meýdançany geologiýa taýdan öwrenmek maksady bilen taýýarlady.

Özbegistan elektrik energiýasyny Ýewropa eksport etmegiň mümkinçiliklerini hem öwrenýär. Bu ugurda Gazagystanyň we Azerbaýjanyň üsti bilen, Hazar deňziniň düýbünden geçirilmegi meýilleşdirilýän energetika geçelgesini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Halkara maýadarlar we maliýe edaralary Özbegistanda energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak, täze kuwwatlyklary döretmek hem-de maýa goýum şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri oňyn bahalandyrdylar.