Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Depegum» söwda merkeziniň gurluşygy bilen tanyşlygynyň çäklerinde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen özara sazlaşykly işlemeginiň zerurdygy bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag Halkara howa menziline gelýän üstaşyr ýolagçylar üçin birnäçe amatlyklary döretmek boýunça bilelikdäki işleri ýola goýmagy tabşyrdy. Hususan-da, ýolagçylaryň ulag bilen üpjün edilmegi, myhmanhanalarda ýerleşdirilmegi we paýtagtyň söwda merkezlerine baryp görmekleri üçin mümkinçilikleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu çäreleriň diňe bir daşary ýurtly myhmanlar üçin däl, eýsem, Aşgabat şäheriniň häkimligi üçin hem bähbitli boljakdygyny nygtady.
Şeýle-de täze söwda merkeziniň çäginde köp orunlyk awtoduralganyň göz öňünde tutulandygy bellenilip, onuň işini netijeli guramak üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.