Türkmenistanda ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoluny taslamak, gurmak we döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Taslama laýyklykda, umumy uzynlygy 546 kilometre barabar bolan bu strategik awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we gurluşyk işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli gurluşyk we inženerçilik işlerini ýerine ýetirmek üçin şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Taslamanyň esasy bölekleriniň biri uzynlygy 812 metre deň bolan döwrebap awtomobil köprüsiniň gurluşygy bolar. Mundan başga-da, ýoluň ugrunda ýerleşýän köprüleri we beýleki inženerçilik desgalaryny düýpli abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Bu giň gerimli taslama Türkmenistanyň 2022–2028-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylar. Ýoluň täzelenmegi ýurduň merkezi we demirgazyk sebitleriniň arasyndaky ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge, ýol hereketiniň amatlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de üstaşyr ulag gatnawlary üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendir.

Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy sebitleriň arasynda ýük we ýolagçy gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýurdumyzyň ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmäge goşant goşar.