Aşgabatda autistik spektriň bozulmalary bolan çagalar we olaryň maşgalalary üçin inklýuziw hyzmatlaryň ulgamyny kämilleşdirmäge bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Çäre 1–5-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde guraldy.

Okuwy Sankt-Peterburgyň Irki goşulyşma institutynyň hünärmeni, ÝUNISEF-iň bilermeni Ýuliýa Rusanowa alyp bardy. Maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň degişli hünärmenleri gatnaşdylar.

Çäre ýurdumyzda autistik spektriň bozulmalary bolan çagalary wagtynda ýüze çykarmak we olara toplumlaýyn goldaw bermek boýunça durmuşa geçirilýän synag taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Okuwyň dowamynda dürli ugurlaryň hünärmenleriniň bilelikde işlemeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Nazary maglumatlary amaly tejribe bilen utgaşdyrmak maksady bilen okuw sapaklarynyň bir bölegi Aşgabat şäherindäki 111-nji çagalar bagynda geçirildi. Bu ýerde synag taslamasynyň ilkinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler seljerildi we çagalar hem-de olaryň maşgalalary bilen işleşmekde pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Okuwyň dowamynda hünärmenlere çaganyň ilkinji ösüş döwründe autistik spektriň bozulmalarynyň alamatlaryny ir ýüze çykarmak üçin ulanylýan usullar barada maglumat berildi. Şeýle hem maşgalalara goldaw bermek, çaganyň aýratyn zerurlyklaryny nazara almak we kömegi toplumlaýyn görnüşde guramak boýunça amaly maslahatlar paýlaşyldy.

Çärä gatnaşyjylar geçirilen okuwlaryň hünär tejribesini baýlaşdyrmakda ähmiýetlidigini belläp, autizmli çagalar üçin irki döwürden başlap netijeli goldaw hyzmatlaryny ýola goýmakda pudagara hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar.

Okuw maslahaty Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda tejribe alyşmaga, çagalaryň ösüşi üçin amatly şertleri döretmäge hem-de inklýuziw hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň biri boldy.