Paýtagtda döwrebap sanly lukmançylyk tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze Stomatologiýa merkeziniň açylyşa taýýarlygy dowam edýär.
Aşgabat şäherinde saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda täze Stomatologiýa merkezini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Täze merkez stomatologiýa hyzmatlary bilen bir hatarda äň-ýüz hirurgiýasy boýunça hem ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenýär. Merkezde öňdebaryjy daşary ýurt klinikalary bilen hyzmatdaşlykda häzirki zaman bejeriş usullaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Lukmançylyk merkezi Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we ABŞ-nyň önümçiligi bolan döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Onuň esasy aýratynlyklarynyň biri emeli aň ulgamlarynyň hem-de 3D skanirleme tehnologiýalarynyň lukmançylyk işlerine ornaşdyrylmagydyr.
Emeli aň tehnologiýalary uly möçberdäki maglumatlary çalt seljermäge, implantlaryň ýerleşdirilmeli ýerini ýokary takyklykda kesgitlemäge we çylşyrymly hirurgiki hem-de dikeldiş operasiýalarynda ýüze çykyp biljek ýalňyşlyklary azaltmaga mümkinçilik berýär.
Merkezde näsaglar baradaky maglumatlaryň elektron görnüşinde jemlenmegi meýilleşdirilýär. Bejeriş bölüminde kompýuter ulgamlary operasiýa otaglary bilen onlaýn aragatnaşygy ýola goýmaga, şeýle hem beýleki lukmançylyk edaralary we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen maglumat alyşmaga mümkinçilik berer.
Täze merkeziň diş-tehniki barlaghanasy 45 hünärmene niýetlenip, CAD/CAM ulgamlary, şeýle hem 3D nusgalary awtomatiki çap etmek we arassalamak üçin ýörite enjamlar bilen üpjün edildi. Bu tehnologiýalar ýokary hilli materiallardan çylşyrymly we aýratyn ölçegli protezleri gysga wagtda taýýarlamaga şert döreder.
Stomatologiýa merkeziniň düzüminde gije-gündiziň dowamynda gyssagly kömek bermek üçin otaglary bolan kabul ediş bölümi, şöhle diagnostikasy, endoskopiýa, funksional diagnostika, anesteziologiýa we reanimasiýa bölümleri, operasiýa hem-de sterilizasiýa toplumy, şeýle hem hassahana bölümi ýerleşýär.
Merkeziň tehniki mümkinçilikleri irki diagnostikadan we howpsuz anesteziýadan başlap, çylşyrymly ortodontiki bejergä, implantasiýa we äň-ýüz sebitiniň dikeldiş hirurgiýasyna çenli dürli lukmançylyk amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Merkeziň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy we hassalar üçin döredilen şertler bilen tanyşan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow desganyň Saglygy goraýyş işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly açylyşa hemmetaraplaýyn taýýarlanmagyny tabşyrdy. Döwlet Baştutany emeli aň ýaly innowasion mümkinçilikleriň ilatyň bähbidine hyzmat etmelidigini, ýokary tehnologiýaly enjamlaryň bolsa diňe hünär taýdan taýýarlykly işgärler tarapyndan talabalaýyk ulanylmalydygyny belledi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.