2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Dostluk ýoly» atly konsert geçiriler. Konsertde Gazagystanyň Gaziza Žubanowa adyndaky Aktöbe welaýat filarmoniýasynyň sungat ussatlary çykyş ederler.

Sazly maksatnama Gazagystanyň milli sazyny, wokal sungatyny we milli tanslaryny öz içine alar. Konsertiň dowamynda Ahmet Žubanow adyndaky gazak halk saz gurallary orkestriniň, «Aqqu» tans toparynyň hem-de «Dauys» wokal ansamblynyň çykyşlary diňleýjilere hödürlener.

Çärä gatnaşyjylar Gazagystanyň baý milli medeniýeti, saz we horeografiýa däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Maksatnama iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen medeni çäreleriň hataryna goşular.

Konsert barada maglumat:

  • Sene: 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabry

  • Wagty: sagat 19:30

  • Ýeri: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry, Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 65-nji jaý.