Türkmenistanyň döredijilik topary 5–9-njy oktýabrda Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçirilen TÜRКSOÝ-yň IV Halkara talyplar teatr festiwalyna gatnaşdy. Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetiniň goldawy bilen geçirilen festiwalda türkmen talyplarynyň «Bedew sarpasy» atly sahna oýny baýrakly orna mynasyp boldy.

Halkara festiwala Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň talyp teatr toparlary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar öz sahna eserlerinde halklaryň milli mirasyny, däp-dessurlaryny we häzirki zaman durmuşyny şöhlelendirdiler.

Festiwalyň eminler toparynyň düzümine oňa gatnaşýan ýurtlaryň görnükli medeniýet we sungat işgärleri, şol sanda Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow hem girdi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty hünäriniň talyplary festiwalda «Bedew sarpasy» atly sahna oýnuny görkezdiler. Türkmen halkynyň buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýän eseriň edebi esasyny institutyň talyby Şageldi Salyhow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» hem-de «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplarynyň esasynda taýýarlady. Sahna oýnuny institutyň mugallymy Merdan Handurdyýew sahnalaşdyrdy.

Festiwalyň netijeleri boýunça türkmen talyplarynyň çykyşy «Milli temanyň sahnada iň gowy beýany» ugry boýunça baýrak bilen sylaglandy. Gatnaşyjylara halkara festiwalyň Kubogy, TÜRКSOÝ-yň Baş sekretariaty hem-de Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersiteti tarapyndan Hormat haty, şeýle-de Türküstan şäheriniň häkimliginiň minnetdarlyk haty gowşuryldy.

Bu üstünlik türkmen ýaşlarynyň milli medeni mirasy we ahalteke bedewleriniň şöhraty bilen bagly sungat eserlerini halkara sahnasynda tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.