15-nji oktýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Häzirki zaman sungatynyň XI Daşkent halkara biýennalesiniň çäklerinde türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy. Sergide Türkmenistanyň tanymal nakgaşlarynyň döredijiliginiň iň gowy nusgalary görkezilýär.

Ekspozisiýa Azat Myradowyň, Gunça Myradowanyň we Toýly Çopanowyň naýbaşy eserlerini öz içine alýar. Suratkeşleriň çeperçilik taýdan kämil işleri sergä gelýän myhmanlaryň ünsüni çekip, uly gyzyklanma döretdi.

Sergi Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasy, Suratkeşler döredijilik birleşigi we Çeperçilik sergileriniň müdiriýeti tarapyndan guraldy.

Sergide görkezilýän eserlerde türkmen halkynyň baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary, edim-gylymlary we özboluşly durmuş aýratynlyklary çeperçilik serişdeleri arkaly beýan edilýär. Bu işler tomaşaçylara türkmen halkynyň ruhy dünýäsine, milli gymmatlyklaryna we sungat däplerine has ýakyndan düşünmäge mümkinçilik berýär.

Özbegistanyň sungat söýüjileri türkmen suratkeşleriniň eserlerine ýokary baha berip, olaryň çeperçilik aýratynlyklaryna uly gyzyklanma bildirýärler.

Türkmen suratkeşleriniň halkara biýennalesiniň çäklerinde eserlerini görkezmegi iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge, döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we türkmen şekillendiriş sungatyny halkara jemgyýetçiligine giňden tanatmaga ýardam edýär.