Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan 2026-njy ýylyň 20-21-nji apreli aralygynda guralan «IT-intellekt: Sanly test – 2026» atly hakatonyň jemleri yglan edildi. Onlaýn formatda geçirilen bu bäsleşige ýurdumyzyň 19 sany ýokary we orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşyp, özleriniň sanly sowatlylygyny we IT-çözgütleri işläp düzmek ukyplaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň şahsy hasabynda ýaş programmaçylar ýokary netijeleri görkezip, aşakdaky orunlara mynasyp boldular:
- Gran-pri: Berdimyrat Aşyrmyradow (Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty).
- I orun: Begmyrat Rozyýew (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty) we Gadam Muhammetöwezow (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty).
- II orun: * Serdar Öwezmyradow (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti);
- Kakajan Dowranow (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti);
- Perman Kakajanow (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty);
- Döwran Akmyradow (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti).
- III orun: Muhammet Wepamyradow («Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz hünär mekbebi), Arslan Baýramow we Arslan Sunnatow (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Nurmuhammet Aşyrow (Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Serhet instituty) hem-de Baýmyrat Aşyrow (Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty).
Toparlaýyn bäsleşigiň ýeňijileri
Toparlaýyn hasapda okuw mekdepleriniň taýýarlyk derejesi boýunça baýrakly orunlar şeýle paýlandy:
- Gran-pri: Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty.
- I orun: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti.
- II orun: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti.
- III orun: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty.
Bu bäsleşik Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy. Onuň esasy maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmak, talyplaryň innowasion we analitik pikirlemesini ösdürmek hem-de dürli ulgamlar üçin howpsuz IT-çözgütleri işläp düzmek endiklerini kemala getirmekden ybaratdyr.
Ýeňijilere guraýjy ýokary okuw mekdebi tarapyndan degişli derejeli diplomlar gowşuryldy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.