
Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminama — 2027–2030-njy ýyllar üçin Döwletara radiotolkunlar arkaly ugrukdyryş (nawigasiýa) maksatnamasy tassyklanyldy.
Bu strategik resminama GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş Strategiýasyna doly laýyk gelýär. Şeýle hem ol Belarus Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Russiýa Federasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan radiotolkunlar arkaly ugrukdyryş hem-de kosmos işi ulgamyndaky milli maksatnamalar bilen utgaşykly görnüşde işlenip düzüldi.
Täze tassyklanan Maksatnama Arkalaşyga agza döwletleriň radiotolkunlar arkaly ugrukdyryş ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýär. Resminamanyň çäklerinde ýerüsti we kosmos tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap ugrukdyryş gurallaryny döretmek boýunça bilelikdäki çäreleriň toplumy göz önünde tutulýar. Bu ugurda esasan GDA ýurtlarynyň özlerinde işlenip düzülen element binýadyny we tehnologiýalaryny ulanmaga aýratyn ähmiýet berler.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Arkalaşyk döwletleriniň tehnologik garaşsyzlygyny has-da berkider. Şeýle-de, taraplaryň ýokary tehnologiýaly işläp düzmeler hem-de döwrebap ugrukdyryş ulgamlary ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyny täze basgançaga göterer diýlip garaşylýar.
Keywords