Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde elektrik ulaglary üçin awtonom gün energiýasy bilen işleýän zarýad bekedi işe girizildi. Döredijileriň maglumatlaryna görä, bu Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) şeýle görnüşdäki ilkinji desga bolup durýar.

Gazagystanyň «Report» agentliginiň habar bermegine görä, bu barada ýurduň Ekologiýa we tebigy serişdeler ministrligi maglumat berdi.

«Alatau» sport toplumynyň çäginde ýerleşýän bekediň esasy aýratynlygy onuň şäher elektrik toruna bagly bolmazdan, off-grid ýörelgesi boýunça işlemegidir. Taslama Gazagystanyň BOLASHAQ POWER kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Toplumyň düzümine kuwwaty 100 kWt bolan gün energiýasy ulgamy we umumy sygymy 645 kWt·sagat bolan energiýa toplamak enjamlary girýär. Şeýle hem desga Gazagystanyň «Ýaşyl taksonomiýasynyň» talaplaryna laýyk gelýär.

Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasynda şeýle awtonom zarýad bekedi ulgamlaryny ýurdyň ähmiýetli awtomobil ýollarynyň ugrunda, şäherlerde, senagat kärhanalarynda we beýleki infrastruktura desgalarynda ýerleşdirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystanyň Ekologiýa we tebigy serişdeler ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurt elektrik ulaglary üçin şeýle çözgütleriň ulanylyşyny sebitlerde has-da giňeltmegi meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda Gazagystanda 642 sany elektrik ulaglaryna zarýad beriş bekedi işleýär. Ýakyn döwürde olaryň sanyny iki esse golaý artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Gün energiýasy bilen işleýän awtonom zarýad bekedi elektrik ulaglarynyň infrastrukturasyny ösdürmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak we daşky gurşawa düşýän täsiri azaltmak babatda Merkezi Aziýada täzeçil çözgütleriň ornaşýandygyny görkezýär.