Russiýa Federasiýasynyň W. N. Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasynyň Ýlym, barlaglar we tehnologiýalar boýunça komissiýasynyň giňişleýin mejlisi geçirildi. Bu abraýly meýdança köp ýyllardan bäri sebitleýin açyk dialogy ýola goýmak, özaýra tejribe alyşmak we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni hyzmatdaşlygy pugtalandurmak ugrunda netijeli platforma bolup hyzmat edýär.
Halkara çärä Türkmenistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Belarusyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Russiýanyň birnäçe iri sebit ylym-bilim merkezleriniň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Bu barada «Orient habar portaly» habar berildi. Mejlesiň dowamynda gatnaşyjylar soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň jemini jemläp, Hazar makrosebitiniň çäklerinde strategik hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler.
Halkara maslahatyň işi iki sany esasy tematiki ugur boýunça guraldy:
- Ylmy barlaglaryň integrasiýasy: Bu ugurda wekiller bilelikdäki ylmy-barlag maksatnamalarynyň ileri tutulýan taraplaryny, torlaýyn bilim ulgamyny ornaşdyrmak meselelerini hem-de akademiki institutlaryň hyzmatdaşlygynyň iň gowy tejribelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
- Zehinli ýaşlary goldamak we işgärler ätiýaçlygy: Bu bölümçede mekdep ýyllaryndan başlap tä aspirantura çenli döwürde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary ylmy taýdan goldamak meseleleri göz öňünde tutuldy.
Duşuşygyň dowamynda akademiki hereketlilik gurallaryny kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem hyzmatdaş uniwersitetleriň binýadynda rus dili we medeniýeti merkezlerini açmagyň mümkinçilikleri gyzyklanma bilen seljerildi.
Mejlisde mekdep okuwçylaryna orta mekdep maksatnamasyny ýokary okuw mekdebindäki ilkinji ädimler bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän «Preduniwersariý» («Pre-university») atly ýörite taslama aýratyn üns çekdi. Bilermenler şeýle ýaşlar we ylmy başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitiň intellektual kuwwatyny has-da pugtalandyrjakdygy hem-de Hazar sebitinde çeýe we bitewi bilim giňişliginiň döredilmegini ep-esli çaltlandyrjakdygy barada birsözli netijä geldiler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.