
Giperkarlary bilen dünýäde meşhur bolan «Bugatti» kompaniýasy «C SEED» tehnologiýa brendi bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini resmi taýdan mälim etdi. Bu hyzmatdaşlygyň ilkinji önümi hökmünde «Transformer N1» atly innowasion telewizor tanyşdyryldy.
Täze enjam ýörite sargyt esasynda öndürilýär we köpçülikleýin önümçilik üçin niýetlenmändir. Hünärmenleriň bellemegine görä, telewizoryň dizaýny «Bugatti Tourbillon» awtoulagynyň stilinden ylham alnyp işlenipdir.
Enjamyň aýratynlyklarynyň biri onuň özboluşly transformasiýa mehanizmidir. Telewizor öçürilen ýagdaýynda ol häzirki zaman sungat eseri ýa-da kiçi heýkele meňzeýär. Işjeň ýagdaýa geçende bolsa, enjam takmynan 45 sekunt içinde doly açylýar we uly ekran görnüşine öwrülýär.
Alyjylar üçin 110, 137 we 165 dýuýmlyk ekran ölçegleri elýeterli bolar.
Enjamyň bahasy resmi taýdan entek yglan edilmedi. Şeýle-de bolsa, «C SEED» kompaniýasynyň öňki premium enjamlarynyň ýüz müňlerçe dollar bahadan satylýandygyny göz öňünde tutsaň, täze telewizoryň hem ýokary bahaly segmentde ýerleşjekdigi çak edilýär.
Bu taslama bilen «Bugatti» ilkinji gezek telewizor önümçiligine goşulýar. Şeýle-de, beýleki awtoulag brendleri hem şuňa meňzeş premium elektronika önümlerini hödürläp başlandygyny bellemek bolar.
Keywords