«Awtoýoly» hojalyk jemgyýetiniň Media bölümi täze hünärmenleri işe çekmek maksady bilen wideooperator we wideomontažçy wezipeleri boýunça boş iş orunlaryny yglan etdi.

Wideomontažçy wezipesine dalaşgärden Adobe Premiere Pro programmasynda ynamly işlemek başarnygy talap edilýär. After Effects programmasynda iş tejribesiniň bolmagy bolsa goşmaça artykmaçlyk hökmünde görkezilýär.

Wideooperator wezipesine dalaş edýän hünärmen häzirki zaman wideo enjamlary bilen işlemek, ýokary hilli wideolary düşürmek we döredijilikli wideo mazmunyny taýýarlamak boýunça degişli başarnyklara eýe bolmalydyr.

«Awtoýoly» ýokary hilli wideo önümlerini taýýarlamaga gyzyklanýan, döredijilikli pikirlenýän we topar bilen işleşmäge ukyply hünärmenleri hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Boş iş orunlary we işe kabul edilmegiň şertleri barada goşmaça maglumatlary göni kompaniýadan almak bolýar.

Habarlaşmak üçin telefon: +993 71 46 87 36.