Latyn Amerikasynyň birnäçe ýurdunda güýçli ýagyşlar sebäpli suw joşmalary bolup, ilatly ýerleri suw basdy. Tebigy hadysalar ýaşaýyş jaýlaryna, ulag ýollaryna we beýleki infrastruktura desgalaryna zeper ýetirdi. Bu barada «MIR 24» teleýaýlymy habar berýär.
Ekwadorda suw joşmalary köçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny we esasy awtomobil ýollaryny suwuň astynda galdyrdy. Tebigy hadysanyň netijesinde elektrik üpjünçiliginde näsazlyklar ýüze çykdy, howa menzilleriniň işi wagtlaýyn togtadyldy. Howpsuzlyk maksady bilen ýaşaýjylar wagtlaýyn ýerleşdirilýän merkezlere göçürilýär. Habarda sil joşmalarynyň 23 müň adama täsir edendigi we adam pidalarynyň bolandygy bellenilýär.
Meksikada hem güýçli ýagyşlar we suw joşmalary zerarly 11 adam aradan çykdy. Gatlanyň ýykylmagy netijesinde emele gelen güýçli suw akymy awtoulaglary ýollardan süýşürip äkitdi.
Tebigy hadysalardan ejir çekenlere kömek bermek üçin ýörite merkezler döredildi. Şeýle hem zeper ýeten lagym ulgamlaryny we beýleki infrastruktura desgalaryny dikeltmek işleri alnyp barylýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.