Halkymyzda «Daýhan ekenine guwanar, bagban dikenine» diýlen ganatly söz bar. Hakykatdan-da, halal zähmetini mele topraga siňdirip, bag ösdürýän adamlaryň yhlasy bilen bereketli hasyl kemala gelýär. Alma, nar, armyt, garaly, üzüm, erik ýaly miweler bolsa türkmen saçaklarynyň bezegi, bereketiň nyşanydyr.
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde bagbançylyk bilen meşgullanýan Perhat aganyň maşgalasy hem ata-baba dowam edip gelýän bu asylly käriň mynasyp dowam etdirijileriniň biridir. Olar «Ata kesbi ogla halal» diýen ýörelgä eýerip, baglary ösdürip ýetişdirýärler we halkymyza ter, datly miweleri hödürleýärler.
Bagban Perhat aga bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bu käre bolan söýgüsiniň çagalykdan başlanandygyny gürrüň berdi:
— Men bagban maşgalasynda önüp-ösdüm. Kakam hem, ejem hem ökde bagbanlar hökmünde tanalýardy. Okuwdan boş wagtlarym ejeme kömekleşmek üçin baglara gitmegi gowy görýärdim. Şol ýerde bol hasyl almagyň usullaryny öwrenýärdim. Bu pursatlar bagbançylyk kärine bolan höwesimi has-da artdyrdy. Bagyň içine gireniňde, ynsan kalby rahatlyk tapýar, göwnüň açylýar. Pederlerimiň öwreden usullaryna, beren öwüt-ündewlerine eýerip, baglarymyzy ösdürýäris. Ýetişdirýän miwelerimize diňe bir ýerli ýaşaýjylaryň däl, eýsem, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden hem isleg barha artýar.
Bagban maşgalasynyň alyp barýan işleri ata kesbiniň dowamat-dowam bolýandygyny, yhlasly zähmetiň bolsa bereketli hasyla öwrülýändigini görkezýär. Olaryň ösdürip ýetişdirýän miweleri tebigy tagamy, terligi we ýokary hilli bolmagy bilen sarp edijileriň islegini kanagatlandyrýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.