Türkmenistanyň Prezidenti Bäherden, Balkan we Lebap welaýatlaryndaky sement zawodlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek hem-de önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen degişli resminama gol çekdi.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine garamagyndaky sement zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Bu çäreler sement önümçiliginde ulanylýan enjamlaryň we önümçilik infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, kärhanalaryň netijeli hem-de durnukly işledilmegine gönükdirilendir.

Zawodlaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiliginiň güýçlendirilmegi ýurdumyzda gurluşyk serişdelerine bolan islegi kanagatlandyrmakda hem-de milli gurluşyk senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.