Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň zähmetsöýer işgärleri şu ýyl hem oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanyp, Hasyl toýuna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Hojalykda dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak we önümçiligiň gerimini giňeltmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
2018-nji ýylda döredilen daýhan hojalygy üçin 2026-njy ýyl üstünlikli döwürleriň birine öwrüldi. Şu ýyl hojalygyň ekerançylyk meýdanlarynyň 400 gektarynda bugdaý, 100 gektarynda gowaça, 268 gektarynda ýeralma, 130 gektarynda bolsa käşir ösdürilip ýetişdirildi.
Mundan başga-da, hojalyga degişli 23 gektar meýdanda miweli baglar ýerleşýär. Şolaryň 9 gektarynda üzümçilik ösdürilýär, galan ýerlerde bolsa ülje, şetdaly, garaly, alça we alma agaçlary ýetişdirilýär.
Daýhanlaryň yhlasly zähmeti netijesinde bugdaý hasyly boýunça hem ýokary görkezijiler gazanyldy. Şu ýyl her gektardan ortaça 50 sentner bugdaý ýygnalyp, umumy hasyl 2 müň tonna ýetdi. Ýeralma meýdanlarynda hem her gektardan 180 sentner önüm almak başartdy.
Hojalykda gök we bakja önümleriniň önümçiligini ösdürmek üçin ýyladyşhanalardan hem netijeli peýdalanylýar. Häzirki wagtda bu ýerde iki sany ýyladyşhana hereket edýär. Şeýle hem ýene bir ýyladyşhananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Önümçiligiň ösdürilmegi bilen, hojalykda eksporta gönükdirilen işleriň hem gerimi giňelýär.
«Tebigy ekin» daýhan hojalygynda 140-a golaý işgär zähmet çekýär. Olaryň işini ýeňilleşdirmekde we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň ähmiýeti uludyr. Hojalygyň tehniki binýadynyň esasy bölegini döwlet Baştutanynyň goldawy bilen satyn alnan «John Deere» kysymly ýokary öndürijilikli traktorlar we beýleki ýöriteleşdirilen maşynlar düzýär.
Ýetişdirilen oba hojalyk önümleriniň bir bölegi baglaşylan şertnamalara laýyklykda welaýatyň «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine tabşyrylýar. Önümleriň galan bölegi bolsa ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen welaýatdaky söwda nokatlaryna iberilýär.
Daýhan hojalygynyň gazanýan üstünliklerinde 1-nji, 4-nji we 5-nji ekerançylyk toparlarynyň goşandy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu toparlaryň agzybir zähmeti we ekerançylykda toplan tejribesi bol hasylyň kemala gelmegine ýardam berýär.
Hojalykda diňe bir ekerançylyga däl, eýsem, milli atşynaslyk däplerini ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Bu ýerde türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleri idedilýär. Olara degişli atlar welaýat atçylyk-sport toplumynda geçirilýän möwsümleýin at çapyşyklaryna yzygiderli gatnaşdyrylýar we baýrakly orunlara mynasyp bolýar.
«Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň oba hojalyk önümçiliginde gazanýan üstünlikleri ýerden rejeli peýdalanmagyň, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we yhlasly zähmet çekmegiň netijeli nusgasydyr. Hojalykda alnyp barylýan işler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, içerki bazary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek hem-de eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalara goşulýan mynasyp goşant bolup durýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.